BSGG dünýäde maýmyn mamasynyň hadysalaryň ýüze çykmagyny derňeýär

  • 22.05.2022 07:48
  • 19k+

Geçen hepdäniň dowamynda BSGG-niň Ýewropa sebitindäki birnäçe ýurtda maýmyn mamasynyň hadysalary hasaba alyndy. Bu barada BMG-niň saýty habar berýär.

BSGG-niň Ýewropa sebitinde 13-nji maýdan başlap 21-nji maýa çenli Awstraliýada, Belgiýada, Kanadada, Fransiýada, Germaniýada, Italiýada, Niderlandlarlar, Portugaliýada, Ispaniýada, Şwesiýada, Beýik Britaniýada we ABŞ-da bu kesel bilen keselleme ýagdaýlary ýüze çykaryldy. Maýmyn mamasy bu ýurtlar üçin mahsus däl we keselleme ýagdaýlary bu ýurtlara saparlar bilen bagly däl diýip, BSGG belleýär.

Maýmyn mamasy – bu, adatça, wirusy göteriji haýwanlaryň ýaşaýan Merkezi we Günbatar Afrikasynyň tokaý sebitlerinde seýrek duş gelýän ýokanç keseli. 

BSGG-niňdünýäniň 12 ýurdunda maýmyn mamasyndan 92 adamyň keselländigini hasaba aldy.

Maýmyn mamasy adamlaryň arasynda göni gatnaşygyň ýa-da ýokanç degen materiallar bilen gatnaşygyň esasynda geçýär. Maýmyn mamasy alamatlary 14 günden 21 güne çenli saklanýan özbaşdak bejerilýän keseldir. Adatça, kesel ýeňil alamatlara sebäp bolýar, deriniň şikes degen ýerinde gijelewük ýa-da agyry duýulýar; käbir ýagdaýlarda kesel agyr görnüşde hem geçip bilýär.

Köp hadysalar jyns ýollary arkaly geçýän ýokanç kesellere ýöriteleşen klinikalarda ýüze çykarylýar. Häzirki wagtda wirusyň ilatyň arasynda näderejede giňden ýaýrandygy belli däl, ýöne ýakyn günlerde kesel hadysalarynyň sanynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.

BSGG keseliň barlygy güman edilýän adamlaryň barlagdan geçip, üzňe saklanylmalydygyny belleýär. BSGG çalt ösýän ýagdaýa gözegçilik edilýändigini we ol barada maglumatlaryň neşir ediljekdigini aýdýar. 


düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....