Türkmenistan Tatarystana okuwa iberilýän talyplaryň sanyny artdyrar

Türkmenistan Tatarystana okuwa iberilýän talyplaryň sanyny artdyrar

Häzirki wagtda Tatarystanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 5 müňe golaýy bilim alýar. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy maýda geçirilen “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitiniň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bilim ulgamy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça özara gatnaşyklar şunuň bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan indi köp ýyllaryň dowamynda öz ýaşlaryny Tatarystan Respublikasyna okuwa iberýär. “Biziň ýurdumyz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerine iberilýän talyplaryň sanyny ýylsaýyn artdyrmagy, işgärleri taýýarlamagyň ugurlaryny yzygiderli giňeltmegi, ýokary tehnologiýalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaga üns bermegi göz öňünde tutýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda nygtady.