AS: Messi “Inter Maýaminiň” paýdary bolar we Bekhemiň klubuna geçer

  • 18.05.2022 23:59
  • 17k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubunyň futbolçysy Lionel Messi 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýami” amerikan klubuna geçer. Bu barada Direct TV-niň žurnalisti Aleks Kandala salgylanyp, AS habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, argentinaly hüjümçi şertnama boýunça soňky möwsümi parižliler üçin oýnar. Şeýle-de, Messi Baş futbol ligasynyň (MLS) amerikan toparynyň paýnamalarynyň 35 göterimini satyn alar. Onuň egindeş eýesi Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekhemdir.
Bellenilişi ýaly, Messiniň geçmegi fransuz toparyna Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohamed Salah bilen şertnama baglaşmaga mümkinçilik berer.
Messi erkin agent hökmünde 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ-a” geçdi. Şu möwsümde ol klub üçin ähli ýaryşlarda 31 oýna gatnaşyp, dokuz gol geçirdi we 13 netijeli geçirim etdi. 


düýn 17:41
6.8k+

Messi taryhda ilkinji bolup 1300 gol+assist görkezijisine ýetdi

24-nji noýabrda irden Sinsinnatidäki “Ti-Kýu-El Stedium” stadionynda MLS Kubogynyň pleý-offunyň 1/4 finalynyň “Sinsinnati” bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky duşuşygy geçirildi. Oýun “Inter Maýaminiň” 4:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy...

16.11.2025 19:37
9.1k+

22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy

2003-nji ýylyň 16-njy noýabry  «Barselonanyň» taryhynda möhüm senä öwrüldi. Şol gün Lionel Messi bary-ýogy 16 ýaşynda katalon klubunyň esasy düzüminde ilkinji gezek oýnady. Ol täze "Dragau" stadionynyň açylyşynyň hormatyna «Portu» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykdy...

10.11.2025 18:28
6.7k+

Messi futbol taryhynda ilkinji bolup 400 assiste ýetdi

Lionel Messi taryhda 400 assist eden ilkinji futbolçy boldy. “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi bu görkezijä ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) pleý-offunyň 1/8 finalynyň “Neşwille” garşy üçünji oýnunda ýetdi...

07.11.2025 18:46
8.1k+

Messi, Ronaldu we Ýamal FIFA-nyň simwoliki ýygyndysyna girmek üçin dalaşgärleriň sanawyna girdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň simwoliki ýygyndysyna girmek üçin dalaş edýän hüjümçileriň sanawyny hödürledi. Bu ýyllyk reýting klub we halkara ýaryşlarda özüni görkezen dünýäniň iň gowy oýunçylaryny bir ýere jemleýär...