Saudi Aramco bazar kapitallaşdyrmasy boýunça Apple-den öňe geçip birinji boldy

Saudi Aramco bazar kapitallaşdyrmasy boýunça Apple-den öňe geçip birinji boldy

Saud Arabystanynyň Milli nebit kompaniýasy bolan Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi, nebitiň gymmatlandygy sebäpli, ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 82 göterim artdy.

Saudi Aramco-nyň çap bolan maliýe hasabatyna laýyklykda, ýanwar-mart aýlarynda kompaniýanyň girdejisi 39,5 mlrd dollar boldy.  2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bolsa kompaniýanyň girdejisi 21,7 mlrd dollar bolupdy.
Dünýäde giňden ulanylýan Brent görnüşli çig nebitiň bir barreliniň ortaça bahasy, Ukrainadaky ýagdaýlar bilen bagly üpjünçilikdäki kynçylyklar sebäpli, soňky 14 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä çykyp, 7-nji martda 139,13 dollara çenli gymmatlady.

«Dünýä bazarlaryndaky  aşa durnuksyzlygyň täsirinde, biz hemişekimiz ýaly, ünsümizi dünýäniň ygtybarly hem elýeter energiýa bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirýäris» - diýip, Aramco-nyň prezidenti Amin Naser mälim etdi.

11-nji maýda saud kompaniýasynyň bazar kapitallaşdyrylmasy 2,43 trln dollar boldy. Şonuň bilen birlikde, kompaniýa öň dünýäde birinji ýerde durýan Apple amerikan korporasiýasyndan öňe geçdi.