Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlandy

  • 11.05.2022 08:51
  • 24k+

10-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde milli sportumyz hil taýdan täze derejelere çykdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sport ýurdy, sebit we halkara derejeli uly ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan öňdengörüjilikli strategiýasynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary üstünlikleriň sporty bilen bir hatarda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi täzeden badalga aldy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar edildi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de hemmetaraplaýyn goldamak, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenler, olaryň tälimçileri, beýleki degişli hünärmenler üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. 

Şeýle hem mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi.


düýn 20:58
2k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
22k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.6k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
3.9k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......