Nowak Jokowiç Karlos Alkarasa dünýäniň iň gowy oýunçysy diýip baha berdi

  • 10.05.2022 23:37
  • 4.1k+

Dünýäniň birinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç 19 ýaşly ispaniýaly türgen Karlos Alkarasy (6) şu möwsümiň iň oňat oýunçysy hasaplaýar.

Tennisçileriň Madridde (Ispaniýa) "Masters" seriýasynyň toprakda oýnalýan tennis turniriniň ýarym finalynda duşuşandyklaryny we  üç sany dowamly oýnuň jemleri boýunça   Alkarasyň ýeňendigini ýatladýarys.

"Häzirlikçe ol dünýäniň, gürrüňsiz, iň gowy oýunçysy. Oýnuň dowamynda onuň basyşa bäs gelip bilşi, ahyryna çenli rahatlygyny saklaýşy, hakykatdanam, örän täsirli. Ol titula mynasyp.

Onuň oýnaýşynda ähli zat täsin. Ol hüjümde-de, goragda-da birmeňzeş ökde oýnap bilýän tüýs köptaraply oýunçy. " - diýip, Jokowiç Rimde "Masters"-e bagyşlanyp geçirilen metbugat konferensiýasynda belledi. 


şu gün 16:21
970

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.6k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....