Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi

  • 10.05.2022 12:59
  • 5.4k+

Sişenbe güni Ýun Sok Ýol kasam kabul edip, Koreýa Respublikasynyň prezidenti wezipesine girişdi. Dabara YTN teleýaýlymy tarapyndan görkezildi. Bu barada TASS habar berýär.

Saýlanan prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy ýerli wagt bilen sagat 11:00-da başlady. Ol Koreýa Respublikasynyň Milli ýygnagynyň öňündäki meýdança gelip, kasam kabul etdi. Dabara 40 müňe golaý adam çagyryldy.
Ýun Sok Ýol Ştab baştutanlarynyň komitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirip, ýarygije prezident wekilçiligini ýerine ýetirip başlady.
Günorta Koreýada prezident saýlawlary 9-njy martda geçirildi. “Raýat güýjünden” dalaşgär Ýun Sok Ýol 48,56% ses alyp, ýeňiş gazandy. Onuň esasy bäsdeşi, dolandyryjy “Toburo” demokratik partiýasyndan dalaşgär Li Çže Mýona raýatlaryň 47,83%-i ses berdi. 


16.10.2025 10:21
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar...

19.09.2025 15:49
3.2k+

Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň...

30.08.2025 11:59
6.2k+

Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentini dekabrdaky halkara foruma çagyrdy

29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýony Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi...

20.08.2025 23:03
9.3k+

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Seulda dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşdy

15-nji awgustda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy...