Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi

  • 10.05.2022 12:59
  • 5.5k+

Sişenbe güni Ýun Sok Ýol kasam kabul edip, Koreýa Respublikasynyň prezidenti wezipesine girişdi. Dabara YTN teleýaýlymy tarapyndan görkezildi. Bu barada TASS habar berýär.

Saýlanan prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy ýerli wagt bilen sagat 11:00-da başlady. Ol Koreýa Respublikasynyň Milli ýygnagynyň öňündäki meýdança gelip, kasam kabul etdi. Dabara 40 müňe golaý adam çagyryldy.
Ýun Sok Ýol Ştab baştutanlarynyň komitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirip, ýarygije prezident wekilçiligini ýerine ýetirip başlady.
Günorta Koreýada prezident saýlawlary 9-njy martda geçirildi. “Raýat güýjünden” dalaşgär Ýun Sok Ýol 48,56% ses alyp, ýeňiş gazandy. Onuň esasy bäsdeşi, dolandyryjy “Toburo” demokratik partiýasyndan dalaşgär Li Çže Mýona raýatlaryň 47,83%-i ses berdi. 


09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

27.05.2026 21:22
2.6k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......

18.04.2026 15:10
3.5k+

Hyundai dünýäde ilkinji bolup ammiak bilen işleýän gämini gurdy

Günorta Koreýanyň HD Hyundai Heavy Industries kompaniýasy doly ammiak ýangyjy bilen işleýän dünýädäki ilkinji gämini hödürledi. Bu taslama deňiz arkaly ýük daşamalarynda ekologiýa zyýan bermeýän täze döwrüň......