Hytaýda XIX Aziýa oýunlary näbelli möhlete yza süýşürilýär

Hytaýda XIX Aziýa oýunlary näbelli möhlete yza süýşürilýär

Sentýabr aýynda Hytaýda geçirilmegi meýilleşdirilen Aziýa oýunlary näbelli möhlete yza süýşürildi diýip, Euronews habar berdi. Bu barada Aziýa Olimpiýa Geňeşi habar berdi. Yza süýşürilmäniň sebäbi aýdylmaýar.

Aziýa oýunlary — Aziýada ýerleşen köp sanly ýurtlaryň türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän iri sport ýaryşydyr. Ol her dört ýyldan geçirilýär. Ýaryşlaryň täze senesi ýakynda habar berler.