Gyýanly polimer zawodynda izobutan öndürýän desga gurlar

Gyýanly polimer zawodynda izobutan öndürýän desga gurlar

6-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow döwlet Baştutanynyň garamagyna “Gyýanly polimer zawodynda izobutan önümçiligi boýunça desgany gurmak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Hormatly Prezident hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany wise-premýerden gurluşyk hem-de senagat pudaklaryna maýa goýumlary çekmek boýunça işleri talabalaýyk alyp barmagy talap etdi. Mundan başga-da, wise-premýere Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň depginlerini çaltlandyrmak hem-de ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy çekmek işlerini dowam etmek tabşyryldy.