«Forsaž 10»-na Jastin Liniň deregine Lui Leterýe režissýorlyk eder

«Forsaž 10»-na Jastin Liniň deregine Lui Leterýe režissýorlyk eder

Win Dizel bilen arasyndaky dartgynly gatnaşyklar sebäpli, «Forsaž 10»-ny taşlap giden Jastin Liniň ornuny fransuz režissýory Lui Leterýe («Görlüp-eşidilmedik Halk», «Ýük daşaýjy»-nyň başky iki filmi) eýelär. Bu barada Variety portaly habar berýär. 

Portalyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, Leterýe köpsanly dalaşgärlerden ozdurdy, şol bir wagtda işiň tertipnamasynyň üstünde henizem işlenilýär.
Jastin Li «Forsaž 10»-nyň surata düşürilip başlananyna birnäçe gün bolanda boýewigiň režissýory wezipesinden gitdi. Bu Win Dizel bilen arasyna tow düşmegi netijesinde gelnen karardyr diýip, Daily News çeşmesi habar berýär. Onuň gürrüň bermegine görä, akýor filmiň surata düşürilýän ýerine gaty gijä galyp, tekstem ýat tutman, üstesine-de halys ýadaw görnüşde gelýär eken. Şeýle-de, çeşme Liniň özünden-özi 10-20 mln dollardan ýüz öwrenini öň hiç mahal görmändigini belleýär. 
Owal franşizanyň bäş filmini surata düşüren režissýoryň özi bolsa bu bolan ýagdaýa düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.
Liniň gitmegi bilen, «Forsaž 10» filminiň bir böleginiň surata düşürilişiniň bökdelmegi sebäpli Universal studiýasy günde 600 müň dollardan 1 mln dollara çenli puluny bihuda ýitirýär.