Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

  • 30.04.2022 07:13
  • 4.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we egsilmez gujur-gaýrat, alyp barýan işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Ýeri gelende bellesek, Antoniu Manuel de Oliweýra Guterriş 1949-njy ýylyň 30-njy aprelinde Portugaliýanyň Lissabon şäherinde doguldy. Ol 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri BMG-niň Baş sekretary wezipesini ýerine ýetirýär. Guterriş bu wezipä geçen ýylyň iýul aýynda ikinji möhlete saýlandy.


düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
1.6k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
2.4k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
1.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......