Kasym Žomart-Tokaýew häkimlik edýän partiýanyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy

  • 28.04.2022 08:23
  • 16k+

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häkimlik edýän "Amanat" atly partiýanyň başlygynyň ygtyýarlyklaryny öz boýnundan aýyrmagy we ondan çykmagy karar edendigini mälim etdi. Bu barada TengriNews habar berýär.

"Şu günden başlap men "Amanat"-yň başlygynyň ygtyýarlyklaryny boýnumdan aýryp, partiýadan çykmaly diýen karara geldim. Bu ädimiň simwoliki manysy bar" - diýip, Tokaýew "Amanat"-yň gurultaýynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, döwletiň baştutany hiç bir partiýa artykmaçlyk bermeli däldir.

"Bu meniň garaýşym. <...> Partiýa ýerine ýetiriji häkimiýete bagly däl bolsa, oňa halkyň ynamy güýçlenýär, abraýy artýar" - diýip, Tokaýew mälim etdi. 

Partiýanyň täze başlyklygyna Tokaýewiň hödürlän dalaşgärini - respublikanyň parlamentiniň (mejlisiniň) aşaky palatasynyň spikeri Ýerlan Koşanowy saýladylar. "Ýerlan Žakanowiçiň ýokary guramaçylyk ukyby bar, ol terjibesi ýetik, işini bilýän raýat" - diýip, Gazagystanyň prezidenti aýtdy.
Tokaýewi häkimlik edýän partiýanyň başlyklygyna 2022-nji ýylyň ýanwarynyň ahyrynda saýlapdylar. Şol wagt partiýa "Nur Otan" ("Watan Nury") diýip atlandyrylýardy. Tokaýewden öň oňa Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew baştutanlyk edipdi.


03.07.2025 10:19
4.2k+

Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär...

21.06.2025 11:54
5.4k+

Starlink 2025-nji ýylda Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar

Starlink hemra interneti 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar. Bu barada Respublikanyň sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew habar berdi. Hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar, ýöne optiki-süýümli aragatnaşygyň bolmadyk uzakdaky ilat nokatlarynyň ýaşaýjylary ilkinjileriň hatarynda göz öňünde tutular...

18.06.2025 09:52
4.7k+

«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi

17-nji iýunda Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň  jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk...

18.06.2025 09:46
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi...