Magtymgulynyň Köpetdagyň gerşindäki äpet heýkeli iýun aýynda dabaraly açylar

  • 28.04.2022 07:37
  • 29k+

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabadyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşlygynyň dowamynda onuň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabaty hem diňledi.

Hususan-da, wise-premýer M.Mämmedowa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de filosofynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna guraljak ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, wise-premýere ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilen ähli çärelere taýýarlyk görlüşine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany şu ýyl beýik Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmegiň zerurdygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ünsüni çekdi.


düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......