Serdar Berdimuhamedow Magtymgulynyň äpet heýkeliniň gurluşygy bilen tanyşdy

  • 28.04.2022 07:02
  • 20k+

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Bu ýerde wise-premýer Ç.Purçekow gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidente Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýerleşýän ýeriniň we umumy görnüşiniň çyzgysy görkezildi. Bu desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi. Soňra şahyryň heýkeli barada düşünje berýän taslamalar görkezildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän diwar ýazgysynyň görnüşleri hem-de yşyklandyryş ulgamlary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi. Serdar Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanyşlygyny tamamlap, belentlikde dikilen ýadygärlige tarap ýokarlygyna ugrady hem-de ýokary çykyp barşyna, basgançaklaryň oňaýly we amatly bolmalydygyna ünsi çekdi. Wise-premýer E.Orazgeldiýewe täze medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak we onuň çäklerini bagy-bossanlyga büremek baradaky meselelere gözegçilik etmek tabşyryldy.

“Heýkel Magtymguly Pyragynyň özüniň nusgalyk şygryýeti ýaly ajaýyp we gözel bolmalydyr” diýip, döwlet Baştutany nygtady.


düýn 09:01
3k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....