Serdar Berdimuhamedow “Altkom”, “Interbudmontaž” we “Ýugneftegaz” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 25.04.2022 16:47
  • 19k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk we “Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. bar.

“Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda ulag ulgamyny ösdürmek boýunça bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesi göz öňünde tutulyp, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Döwlet Baştutany Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygynyň dowamynda Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň konsepsiýasynyň bilelikde ýakyndan işlemegi dowam etmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, türkmen tarapynyň bildirýän hemişelik talaplaryna ünsi çekdi. Şolaryň esasylary gurlanda täzeçil inženerçilik-tehniki çözgütleriň ulanylmagy zerur bolan desgalaryň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeli möhletiniň we hiliniň berk berjaý edilmeginden ybaratdyr.

“Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý bilen söhbetdeşligiň çäklerinde ýurdumyzda nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan ugurdaş taslamalar we maksatnamalar bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna, şol sanda seýsmologiýada öz ähli tejribesini we mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
872

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......