Werstappen Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 24.04.2022 04:25
  • 4k+

“Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dördünji tapgyry bolan Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda birinji orny eýeledi. Ýaryş Italiýanyň Imola şäherinde geçirildi. 

Ikinji orny “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler, üçünji orny meksikaly Serhio Peres (“Red Bull”) eýeledi. Sprint ýaryşynda utuklar ýaryşyň jemi boýunça ilkinji sekiz sürüjä berilýär. Ýeňiji sekiz bal, pellehana sekizinji bolup gelen bir bal alýar. Ýekşenbe güni geçiriljek ýaryşda olar sprintdäki tertibi boýunça ýaryşa başlarlar. 
Sprint ýaryşy “Formula-1-de” geçen möwsümden bäri geçirilip, ol 100 km ýaryşdyr.

Dünýä çempionatynyň umumy sanawynda birinji orny Lekler (78 utuk) eýeleýär. Ikinji orunda onuň topardaşy Karls Saýns (38), üçünji orunda “Mersedesiň” britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell (37) ýerleşýär. Häzirki dünýä çempiony Ferstappen bäşinji orny eýeleýär (33). Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny Ferrari (116 utuk) eýeledi, ikinji orunda “Red Bull” (69), üçünji orunda “Mersedes” (65) ýerleşdi.


10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

04.05.2026 10:40
2.7k+

«Inter» Italiýada wagtyndan öň çempion boldy: Serie A-da 21-nji tituly

«Inter» futbol boýunça Italiýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda, wagtyndan öň ýeňiji boldy we çempionlyk titulyny gazandy....