Ferrari tormozyndaky kemçilik sebäpli, Hytaýda 2,2 müňden gowrak sportkaryny yzyna alýar

  • 23.04.2022 15:07
  • 10k+

Sport çapyşyk awtoulaglarynyň italýan öndürijisi Ferrari tormoz ulgamyndaky näsazlyk bilen bagly hytaý bazaryndan 2,2 müňden gowrak ulagy yzyna alýar. Bu barada anna güni HHR-yň bazaryny düzgünleşdirmek boýunça döwlet müdirligi habar berdi.

"2022-nji ýylyň 30-njy maýyndan başlap italýan öndürijisi 2010-njy ýylyň 2-nji martyndan 2019-njy ýylyň 12-nji martyna çenli döwürde öndürilen 458 Italiýa, 458 Speciale,458 Speciale A, 458 Spider, 488 GTВ we 488 Spider seriýaly awtoulaglaryň bir bölegini yzyna alýar. Jemi 2 222 awtoulag yzyna kabul ediler" diýip, düzgünleşdirijiniň habarynda aýdylýar.

Müdirligiň anyklamagyna görä, agzalan modellerde tormoz suwuklygynyň syzýan ýeriniň bolmagy mümkin, bu bolsa tormozyň işleýşini peseldip ýa-da tormoz ulgamynyň ýatmagyna getirip biler.


düýn 11:34
7.7k+

Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady

Lexus kompaniýasy elektromobil önümçiligi boýunça Hytaýdaky ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlady. Kärhana Şanhaý şäheriniň golaýynda ýerleşer we ilkinji awtoulaglar konweýerden 2027-nji ýylda çykyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär...

düýn 00:54
3.1k+

Ferrari suwasty ganatly ýelkenli ýahtanyň taslamasyny görkezdi. Oňa deňiz giperkary diýilýär

Ferrari abraýly umman ýaryşlaryna gatnaşmak üçin döredilen eksperimental ýahta bolan Hypersail taslamasyny hödürledi. Oňa ýelkenli giperkar diýilýär: gäminiň uzynlygy 30 metre deň, beýikligi bogaldagy bilen birlikde 40 metre çenli bolar...

29.06.2025 14:39
5.5k+

Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň bazarlary üçin niýetlenen ilkinji krossoweri bolan YU7 modeliniň satuwyna başlady. Elektromobil dürli herekete getiriş ulgamlary we akkumulýatorlary bilen üç görnüşde hödürlenýär. Bahalary 253 500-den 329 900 ýuana çenli aralykda (takmynan, 35400-den 46000 dollara çenli) üýtgeýär...

25.06.2025 11:44
27k+

Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi

3048 awtoulagy alyp barýan "Morning Midas" gämisi, üç hepdeläp dowam eden ýangyndan soň, Ýuwaş ummanynda suwa çümdi. Ekipaž agzalarynyň hiç biri zyýan çekmedi, ýöne 70 sany elektromobil we 681 sany gibrid awtoulagy hem öz içine alýan ähli ulaglar gämi bilen bilelikde suwuň düýbüne gitdi...