Azerbaýjanda örtük geýmek düzgüni ýatyrylýar

Azerbaýjanda  örtük geýmek düzgüni ýatyrylýar

2022-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Azerbaýjanda medisina örtüklerini hökmany ulanmak düzgüni ýatyrylýar. Trendiň habar bermegine görä, bu barada Ministrler Kabinetiniň degişli kararynda aýdylýar.

Azerbaýjanda koronawirus ýokanjynyň (COVID-19) ýaýramagynyň we onuň ýüze çykyp biläýjek netijeleriniň öňüni almak maksady bilen, Azerbaýjanyň territoriýasynda aýratyn karantin düzgüni 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyna sagat 06:00-a çenli uzaldylýar diýip, Ministrler Kabinetiniň kararynda aýdylýar.
Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan Respublikasynda hereket edýän halkara aeroportlaryň we okuw jaýlarynyň çäginde medisina örtüklerini dakynmak mundan beýläk hökmany hasaplanmaýar we bu maslahat beriji häsiýete eýedir diýip kararda bellenýär.