Ilon Maskyň Starlink hemra internetini uçarlarda synag edip ugradylar

Ilon Maskyň Starlink hemra internetini uçarlarda synag edip ugradylar

Deltanyň baş direktory Ed Bastian The Wall Street Journal-a beren interwýusynda awiakompaniýanyň Starlink tehnologiýasyny «barlag synagyndan» geçirýändigini aýtdy, ýöne bu mesele babatynda jikme-jik maglumat bermedi. 

SpaceX Internetiň ösýän megakonstellýasiýasynyň çäklerinde pes, ýere golaý orbita 42 müň sany hemrany goýbermegi meýilleşdirýär. Hemralar dünýäniň gyrak-bujagyndaky ýerleri giňzolaklaýyn internet bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Şu günki güne çenli SpaceX älem giňişligine 2 335 sany hemra goýberdi.

Gelýän habarlara görä, SpaceX uçarlarda Wi-Fi hyzmatyny ýola goýmak üçin birnäçe awiakompaniýa bilen gepleşikleri alyp barýar. 2021-nji ýylyň iýunynda SpaceX-iň Starlink boýunça wise-prezidenti Jonatan Hofeller Connected Aviation Intelligence Summit sammitinde ýylyň ahyryna çenli kompaniýanyň kommersiýa bähbitlerine geçmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.