Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 22.04.2022 05:27
  • 8.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhita, Premýer-ministri Fumio Kisida we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Nygtalyşy ýaly, hyzmatdaşlyk ýyllarynda açyk syýasy dialog we netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýuldy, şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýarlar. Mundan başga-da, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda iri senagat taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, kompaniýalaryň işjeňligi üçin zerur şertleri döretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda örän iri taslamalaryň ençemesiniň — Maryda we Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawodlar toplumlarynyň, Türkmenabadyň himiýa zawodynda kükürt kislotasynyň konsentrirlenen fosfor döküniniň önümçiligi boýunça önümhananyň, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň, Ahalda tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumynyň, şeýle-de Türkmenabat şäheriniň golaýynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşyklary alnyp baryldy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......