GM gözükdirijisiz işleýän okuw awtoulagyny patentledi

  • 21.04.2022 13:46
  • 4.6k+

General Motors konserni ulag sürmegi öwretmäge niýetlenen gözükdirijisiz işleýän awtoulagy patentlemek isleýär. Degişli sargyt ABŞ-yň Patentler we haryt nyşanlary boýunça ofisiniň bazasynda ýerleşdirilen. Resminamada görkezilişine görä, awtonom ulag serişdesi ulag sürmegi öwrenýäniň başarnyklaryna baha berip bilýär we adama desti, akseleratoryň pedallaryny we tormozy dogry dolandyrmany öwretmek bilen, hakyky wagt ýagdaýynda onuň bilen aragatnaşyk saklaýar. 

Okuwçynyň başarnyklary kämilleşdigisaýy, "elektron gözükdiriji" kem-kemden oňa erkin hereket etmäge mümkinçiligi artdyrýar we gitdigiçe täze-täze funksiýalary özbaşdak ýerine ýetirmäge ygtyýar berýär.
GM-niň şeýle awtoulaglarynyň artykmaçlyklarynyň içinde okuwyň bahasynyň arzan düşmegini we gözükdirijileriň sanynyň azalmagyny agzaýarlar. Okuwçynyň üstünligini awtonom ulagda oturdylan dürli datçikleriň görkezijileri arkaly bahalandyrmak göz öňünde tutulýar.


07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

27.04.2026 15:32
3.6k+

GM awtoulagyň işläp taýýarlanyş tizligini birnäçe minuta çenli gysgaltdy: nädip?

General Motors täze modelleriň döredilişini çaltlaşdyrmak üçin ulaglaryň işlenip düzülişine emeli aň ulgamyny ornaşdyrýar. Öň ​​ konsept hepdeläp ýa-da aýlap işläp düzülen bolsa, indi ol birnäçe minutyň içinde......

04.03.2026 16:34
4.3k+

Meşhur Jeep öndürijisi taryhyndaky ilkinji ýyllyk zyýanyny mälim etdi

Stellantis awtoulag konserni öz taryhynda çeken ilkinji ýyllyk zyýany barada habar berdi. CNBC-niň habaryna görä, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça kompaniýa 26,3 milliard dollar zyýana galdy. Ýitginiň esasy sebäbi elektromobilleriň önümçiligine çalt depginde geçmek üçin gönükdirilen maýa goýumlarynyň hatardan çykmagy boldy...

02.03.2026 22:02
1.7k+

Chevrolet Equinox tizligini artdyranda titreýär: sebäbini bilenoklar

General Motors kompaniýasy 2025-nji we 2026-njy model ýyllarynyň Chevrolet Equinox krossowerlerinde adatdan daşary titremeleriň ýüze çykmagy bilen bagly derňew işlerini başlady. Bu barada PIT6466 hyzmat býulleteninde aýdylýar...