Prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Karara gol çekildi

Prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak hakynda Karara gol çekildi

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda:

  • ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nurberdi Begmyradowiç Meredow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Gaýgysyz Orazmyradowiç Toparow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Ýazmuhammedowiç Gurbangulyýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Babajanowiç Çaryýew Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • 1-nji derejeli ýurist Meýlis Döwletgeldiýewiç Ataýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • 1-nji derejeli ýurist Rüstem Amangeldiýewiç Daňatarow Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • ýustisiýanyň geňeşçisi Döwletgeldi Gurbanmämmedowiç Mämmetamanow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi;
  • ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Aşirgeldi Baýramsahatowiç Annasahatow Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Rozmyradowiç Artykow Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Perman Allamyradowiç Ataýew Aşgabat şäheriniň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Garýagdy Zülpiýewiç Jumalyýew Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Maksat Nurnazarowiç Hudaýgulyýew Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahym Akmyradowiç Akmyradow Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbanow Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Myrat Bäşimowiç Myradow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Döwlet Sabyrowiç Çaryýew Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;
  • ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nagmatnur Kakamyradowiç Kakabaýew Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.