Erik ten Hag ýakyn wagtda «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi bolar

  • 20.04.2022 13:36
  • 5.2k+

«Mançester Ýunaýtediň» täze tälimçisi Erik ten Hag bolar. Gollandiýaly hünärmen iňlis klubuna ýolbaşçylyk etmäge razy boldy. Ol tomusda klubuň baş tälimçisi bolar. Häzirki möwsümi bolsa “Aýaksda” işlemek bilen tamamlar. Bu barada smotrim.ru habar berýär.

Erik ten Hagyň “Aýaks” bilen şertnamasynyň bolanlygy sebäpli, “Mançester Ýunaýted” Gollandiýanyň klubuna kompensasiýa tölemeli bolar. Maglumatlara görä, ol 2 mln ýewro barabar bolar. Ten Hag bilen şertnama eýýäm ylalaşyldy, ýakyn günlerde “Mançester Ýunaýted” gollandiýaly hünärmeniň tälimçi hökmünde bellenendigini habar berer.
Häzirki wagtda “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi Ralf Rangnikdir. Onuň ýerine ten Hag bellenenden soň, germaniýaly hünärmen klubuň ýolbaşçylygynda başga bir wezipäni eýelär.


şu gün 11:46
1.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

düýn 10:10
5.5k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.5k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....