Birleşen Arap Emirliklerinde wiza kanunçylygyna üýtgetme girizildi

Birleşen Arap Emirliklerinde wiza kanunçylygyna üýtgetme girizildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümeti (BAE) ýurda daşary ýurtlularyň gelmegi we ýaşamagy hakyndaky kanuna goşmaça delilnamany tassyklady. Oňa laýyklykda, esasan, «altyn» rezident wizasyny (ýurtda uzak möhletli ýaşamaga berilýän ygtyýarnama kysmy) almak üçin talaplar gowşadyldy, «ýaşyl» wizanyň hereket ediş möhleti uzaldyldy, täze wizalar girizildi we adaty giriş wizasy bolanlaryň mümkinçilikleri giňeldildi. BAE-niň Habarlar agentliginiň habar bermegine görä, resminama ýene 90 günden güýje girer diýip, ТАSS-a salgylanýan Trend habar berýär.

10 ýyllyk möhlet bilen inwestorlara, telekeçilere, zehinli adamlara, alymlara, hünärmenlere, talyplara we ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlaryna, ynsanperwer ugurlaryň işgärlerine we weteranlara berilýän «altyn» rezident wizasyny bermegiň düzgünlerine nähili düýpli üýtgeşmeleriň girizilendigi takyklanýar.  Şeýle wizanyň eýeleri üçin möhüm täzelik BAE-niň çäginde bolmagyň aňryçäk möhletiniň ýatyrylandygydyr. «Altyn» wizanyň eýeleri üçin goşmaça işgärleriň sanyna goýlan çäklendirme aýrylýar, şeýle-de olar öz maşgala agzalaryna, ýagny aýalyna we islendik ýaşdaky çagalaryna hemaýatkärlik edip bilýärler.  Wizanyň eýesi aradan çykan ýagdaýynda,  maşgala agzalary tä onuň resminamasynyň hereket ediş möhleti dolýança ýurtda galyp bilýärler.