Argentinada diametri 5 m töweregi bolan blin taýýarlandy

  • 18.04.2022 17:06
  • 9.3k+

Argentinada festiwaly gurnaýjylar diametri, takmynan, 5 metr bolan gowrulan pirog taýýarlap, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeländiklerini aýdýarlar. Bu barada United Press International agentligi habar berdi.

Mersedes şäherinde geçirilen Blinleriň we kökeleriň 22-nji prowinsial festiwalynda 1599 kg eredilen ýagda garylan 1199 kg undan taýýarlanan ullakan blin görkezildi. Onuň diametri 4,8 m boldy. Guramaçylar onuň iň uly blin hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna dalaş edip biljekdigini aýdýarlar.
Bu ullakan blin böleklere bölünip, festiwalyň myhmanlaryna hödürlendi.


06.09.2025 17:19
10k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...

04.09.2025 19:24
10k+

Argentinada gadymy krokodile meňzeş ýyrtyjy tapyldy. Ol dinozawrlary awlapdyr

Paleontologlar Patagoniýanyň günortasynda häzirki krokodilleriň ýok bolup giden garyndaşlaryny - öň belli bolmadyk peýrozawrlaryň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylaryň arasynda gowy saklanyp galan kelleçanak, äň we skeletiň bir bölegi bar...

03.09.2025 23:31
3.6k+

The Weeknd-iň aýdymy Spotify-yň taryhynda 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy

Kanadaly aýdymçy The Weeknd-iň (hakyky ady Eýebl Tesfaýe) Blinding Lights aýdymy Spotify platformasynda absolýut rekord goýdy. Ol 5 mlrd gezek diňlenen ilkinji aýdym boldy. Bu barada hyzmat öz sosial ulgamlarynda habar berdi...

03.09.2025 23:28
5.9k+

"Eliň asmana ýetip dur": Konýuhow aerostatda Ewerestden hem belende galdy

29-njy awgustda meşhur syýahatçy Fýodor Konýuhow we howa şarynda uçujy Iwan Menýaýlo ýylylyk aerostatynda rekord uçuş etdiler. Olaryň şary deňiz derejesinden 10 723 metr belentlige galdy, bu bolsa Ewerestden iki kilometre golaý beýikdir...