Günorta-Afrika Respublikasynda suw joşgunynyň pidalarynyň sany 443-e ýetdi

  • 17.04.2022 21:32
  • 15k+

Günorta-Afrika Respublikasynyň (GAR) günorta-gündogarynda ýerleşen Kwazulu-Natal welaýatynda weýrançylykly suw joşguny netijesinde heläk bolanlaryň sany 443 adama ýetdi diýip, Kwazulu-Natalyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Sihle Zikalala ýekşenbe güni habar berdi.

«Häzirki wagta çenli pidalaryň sany 443-e ýetdi, 63 adam dereksiz ýiten hasaplanylýar» diýip, ol brifingiň dowamynda belledi. Ony ýerli eNCA  teleýaýlymy görkezdi.

Günorta Afrikanyň polisiýasy, harby gullukçylary we halas ediji-meýletinçiler olary gözlemegini dowam edýärler.  

Suw joşguny netijesinde Kwazulu-Natal welaýatynda 4 müň töwerek administratiw binalar we jaýlar ýumruldy. 13,5 müňden gowrak öýe zyýan ýetirdi. Şu hepdäniň içinde Günorta Afrikanyň Kwazulu-Natal welaýatynyň käbir böleklerinde 48 sagadyň dowamynda 450 mm-denem köp ygal düşdi, bu Durbanda kadaly ýagdaýda ýyllyk düşmeli 1009 mm ygalyň takmynan ýarysy diýmekligi aňladýar.


09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....