Microsoft Windows 7-ni we Windows 8.1-i täzeledi

  • 16.04.2022 13:21
  • 5.5k+

Microsoft kompaniýasy her aý däp bolan «sişenbe günlerindäki täzelenişiň» (Patch Tuesday) çäklerinde öz operasion ulgamy üçin ýygnalan täzelenişleriň uly tapgyryny goýberdi. Windows 11 we Windows 10 üçin apdeýtler teklip edilýär, ýöne kompaniýa Windows 8.1 bilen Windows 7 ýaly hormata mynasyp weteranlaryny hem ünsden düşürmedi.

Windows 7-niň (КВ5012626) we Windows 8.1-iň (КВ5012670) täzelenişleri, Windows Media Center bilen bagly ýadyň gitmegi, parolyň üýtgemegi we ş.m. ýaly meseleler bilen birlikde, birmahaldan bäri mälim bolan meseleleriň birgidenini aradan aýyrýar. 
Windows 8.1-i goldamagyň 2023-nji ýylyň başyna çenli dowam etjekdigini, Windows 7-ä bolsa muzdsuz goldawyň eýýäm berilmeýändigini ýatladýarys.
Microsoft Windows 7 operasion ulgamy goldamagyny iki ýyl mundan öň — 2020 ýylyň 14 ýanwarynda bes etdi.
StatCounter-iň maglumatlaryna laýyklykda, 2022 ýylyň martyndaky ýagdaý boýunça dünýädäki Windows-li personal kompýuterleriň umumy sanyndan Windows 7 bilen Windows 8.1-e bilelikde düşýän paýyň 15%-den hem köpräkdigini bellemek gerek. Russiýada bu görkeziji 27%-den geçýär. 


27.06.2025 11:05
2.8k+

Microsoft «ölüm ekranynyň» dizaýnyny resmi taýdan gara reňke üýtgetdi: ol 40 ýyllar mawy reňkdedi

Microsoft Windows operasiýa ulgamynda peýda bolýan meşhur "ölüm ekranynyň" (BSoD – Blue Screen of Death) reňkini üýtgeder. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Gök ekran indi gara reňkde çykar. Bu üýtgeşikme baradaky ilkinji maglumatlar mart aýynda peýda bolupdy, şol wagt ekranyň ýaşyl reňkde boljagy aýdylýardy...

26.06.2025 16:31
1.6k+

Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar

Microsoft kompaniýasy Windows 11-de dikeldiş nokatlarynyň (Restore point) saklanyş möhletini üýtgetdi. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, 24H2 wersiýasy üçin täze täzelenme girizilenden soň, bu nokatlar indi diňe 60 gün saklanar — öň bu möhlet 90 güne barabardy...

19.06.2025 00:19
2.7k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin gyssagly patç çykardy we täze meseleleri döretdi

Geçen hepde Microsoft korporasiýasy Patch Tuesday programmasynyň çäklerinde Windows 11 üçin KB5060842 täzelenmesini çykardy. Ýöne ol Easy Anti-Cheat antiçitini ulanýan oýunlar bilen gabat gelmekde mesele döretdi...

26.05.2025 17:07
3.4k+

Microsoft takyk howa çaklamalary üçin Aurora EA modelini hödürledi

Microsoft howany çaklamak üçin niýetlenen täze Aurora EA modelini hödürledi. Modeliň iş netijeleri bilen gözleg Nature žurnalynda neşir edildi. Fiziki deňlemelere esaslanýan adaty usullardan tapawutlylykda Aurora diňe arhiw maglumatlary bilen okadyldy...