Ýagşymyradow Karwalýo bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdiler

  • 15.04.2022 13:46
  • 34k+

Garyşyk göreşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow we braziliýaly Rafael Karwalýo 16-njy aprele geçilýän gije boljak Bellator 277 ýaryşynyň öň ýanynda «bakyşlaryň duelini» geçirdiler. Söweş ABŞ-da San-Hose şäherindäki «Es-Eý-Pi-sentr» arenasynda geçiriler.

Döwletjan Ýagşymyradow söweşden öň agram çekilşligi üstünlikli geçdi. Ol 93,1 kg agram görkezip, ýarym agyr agram kategoriýasynyň talap edilýän çägine bardy.
Ýagşymyradow-Karwalýo tutluşygyny, şeýle hem Bellator 277-niň beýleki ähli ýaryşlaryny Älem TV hemra telewideniýesinde elýeterli bolan Setanta Sports teleýaýlymynda görmek bolýar. Ýaryşa şeýle hem Bellator-yň You Tube-daky resmi ýaýlymyndan tomaşa edip bolar. Ýaryş agşamynyň deslapky tutluşyklary aşgabat wagty bilen 04:00-da başlanýar. Esasy tutluşyklar 07:25-e meýilleşdirildi.  
Öň habar berşimiz ýaly, şikes alanlygy zerarly Döwletjanyň ilki garşydaşy Toni Jonson söweşden ýüz öwürdi, oňa derek türkmen pälwanyna garşy Bellator-yň öňki çempiony braziliýaly Rafael Karwalýo çykar.
Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynyň dowamynda 24 söweş geçirip, 18 ýeňiş (15-si wagtyndan öň) gazandy. Ýeňişleriň 11-si nokaut, 4-si sabmişen we biri eminleriň karary bilen gazanyldy. Bu söweş Döwletjan üçin Bellator-da üçünji söweş bolar. Ondan öň Döwletjan Bellatorda Kori Anderson we Karl Albrektsson bilen duşuşdy. 
Türkmen pälwanynyň garşydaşy Karwalýonyň hasabynda garyşyk söweşlerde 22 sany duşuşyk geçirip, 16 ýeňiş we 6 ýeňliş bar.


17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

01.06.2026 10:58
6.9k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 19:50
23k+

Döwletjan oktagona dolanýar: Ýagşymyradow bilen Taýsonyň güýji deň gelermi

16-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen 17-nji aprel) Belfastyň (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenasynda» türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň urşy bolar. Bu gezek PFL oktagonynda oňa awstraliýaly Taýson Pedro......