Makron we Le Pen Fransiýanyň prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyryna çykdylar

  • 11.04.2022 13:55
  • 7.4k+

"Respublika, öňe!" partiýasynyň wekili, Fransiýanyň häzirki prezidenti Emmanuel Makron we "Milli birleşik" ultrasagçy partiýasynyň baştutany Marin Le Pen 24 aprelde ýekşenbe güni geçiriljek prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna geçdiler diýip, BFM TV habar berýär.

Elabeniň pikir soraşmasyna laýyklykda, Makron birinji tapgyrda sesleriň 28,5%-ni, Le Pen bolsa 24,2%-ni alýar. Figaro gazeti Makron birinji tapgyrda sesleriň 28,6%-ni alar we ikinji ýeri bolsa, sesleriň 24,4%-ni alyp, Le Pen eýelär diýip çaklady. Üçünji ýere "Boýunegmezek Fransiýa" çepçi partiýasynyň baştutany Žan-Lýuk Melaşon eýe boldy, Elabeniň maglumatlary boýunça, ol sesleriň 20,2%-ni aldy.  Beýleki dalaşgärlere sesleriň on göterimindenem azy düşdi. 
Fransiýanyň prezidenti ählumumy, göni we gizlin ses bermek arkaly bäş ýyl möhlet bilen saýlanylýar we bir gezek täzeden saýlanyp bilýär.
Makron bilen Le Pen 2017 ýylda geçen prezident saýlawlarynda-da ikinji tapgyry geçipdiler. Ikinji tapgyrda saýlawçylaryň 66,10% sesini alyp, Makron ýeňipdi. 


düýn 15:17
2.5k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

31.05.2026 13:30
7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

24.04.2026 21:42
14k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......