Eýran ähli ýurtlardan ýolagçylar üçin awiauçuşlara girizilen gadagançylygy ýatyrýar

Eýran ähli ýurtlardan ýolagçylar üçin awiauçuşlara girizilen gadagançylygy ýatyrýar

Eýranyň raýat awiasiýasy guramasynyň (CAIO) wekili Mir-Akbar Razawi  çarşenbe güni ähli ýurtlardan gelýän ýolagçylar üçin awiauçuşlara girizilen gadagançylygyň ýatyrylýandygyny mälim etdi. Karar Eýranyň COVID-19-a garşy göreş boýunça milli maksatly toparynyň mejlisinde kabul edildi diýip, Razawi aýtdy. Muny IRNA agentligi habar berýär.

Ol Eýrana gelmek üçin 12 ýaşdan uly ähli syýahatçylara COVID-19-a garşy waksinanyň iki dozasyny almaklygyň we PZR-testiň hem otrisatel bolmagynyň ýeterlikdigini aýtdy.
Ýolagçylar Eýrana uçmazyndan öň 72 sagadyň dowamynda PZR-test tabşyrmalydyrlar we soňky alan sanjymlaryndan azyndan 14 gün geçen bolmaly.