Nissan NASA üçin Aý ulagynyň işlenip taýýarlanyşyna ýardam berer

  • 09.04.2022 09:02
  • 6.5k+

Nissan Sierra Space we Teledyne Brown Engineering kompaniýalary bilen bilelikde geljekde NASA kosmiki agentliginiň wezipeleri üçin gerek boljak LTV Aý awtoulagyny (Lunar Terrain Vehicle) döretmegiň üstünde işlär. Carscoops-yň habar bermegine görä, Nissanyň demirgazyk amerika bölümçesi öz önümçilik kuwwatlyklaryny, şeýle hem dolandyrmagyň özbaşdak ulgamlary pudagynda we öz-özi dolandyrylýan gonuş moduly üçin «akylly» kömekçiler babatynda gazananlaryny paýlaşar.

Taslama Nissana, tejribe alyşmak arkaly, kosmos pudagyndaky tehnologiýalary paýlaşmaga mümkinçilik berer diýip, Nissanyň Kaliforniýadaky Alliance Innovation Laboratory barlaghanasynyň direktory Maarten Serhuis aýdýar. Täze şertler awtonom ulgamyň, uzak aralykdan dolandyrmagyň, şeýle hem energiýany we adam-enjam interfeýsyny dolandyryş ulgamlarynyň mümkinçiliklerini has içgin öwrenmäge mümkinçilik berer. Aýda alnan bu ähli bilimleri soňra adaty awtoulaglarda ulanyp bolar.


12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 14:59
837

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 15:59
1.9k+

NASA-nyň Mars synagyna gatnaşyjylar üzňelikde 200 gün geçirdiler

NASA tarapyndan guralan CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, Mars ekspedisiýasynyň şertlerini gaýtalaýan toplumyň içinde doly üzňelikde 200 günden gowrak wagt geçirdiler. Bu ylmy synag jemi......

09.05.2026 11:01
5.4k+

ABŞ uçýan näbelli obýektler (UNO) baradaky resminamalaryň gizlinligini aýryp başlady

Pentagon näbelli anomal hadysalara degişli faýllary çap edip başlady....