Iň gowy kiçi smartfonlar belli boldy

  • 08.04.2022 15:55
  • 14k+

“Android Central” ne­şiriniň žurnalistleri ykjam forma faktor­ly iň gowy smartfonl­ary saýladylar. Bu barada neşiriň saýtyn­da habar berilýär di­ýip, lenta.ru belleýär.

Media awtorlary soňky birnäçe ýylda uly smartfonlaryň pudagyň kadasyna öwrülendi­gini belleýärler. Mu­ňa garamazdan ulanyj­ylaryň köpüsi kiçi enjamlary ulanmagy has oňaýly hasaplaýar. Şol sebäp bilen hün­ärmenler iň amatly ykjam telefonlary saý­ladylar. Neşiriň hab­aryna görä, iň gowy gurluş Google Pixel 6 boldy. “Smartfonyň baha we hil gatnaşy­gy ähli talaplara la­ýyk gelýär” – diýip, awtorlar belleýär.

Iň gowy eplenýän sma­rtfon Samsung Galaxy Z Flip 3 boldy, žur­nalistler oňa düýpli aýratynlyklary, awt­onom iş wagty we ýok­ary hilli kamerasy üçin baha berdiler. Iň ykjam gurluş Asus Zenfone 8 boldy – en­jam 5,9 dýuým ekrana, Snapdragon 888 pro­sessoryna, IP68 stan­darty boýunça suwdan goraga eýedir.

Apple ulanyjylary üç­in awtorlar üçünji nesil iPhone SE smart­fonyny saýlamagy mas­lahat berdiler, ol 4,7 dýuým ekrana we 5G eýe. Reýtingiň iň elýeterli gajeti 200 dollara düşýän Moto G Fast boldy.

şu gün 11:43
505

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

şu gün 11:16
406

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 20:27
2.8k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
4.3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......