iOS 16-nyň tanyşdyryljäk senesi mälim boldy

  • 08.04.2022 05:31
  • 5.8k+

Her ýyl geçirilýän otuz üçünji konferensiýa bu ýyl onlaýyn görnüşinde 6-10 iýun aralygynda geçer. Bu barada Apple-iň resmi saýtynda aýdylýar.

WWDC 2022-de iOS-daky, iPadOS-däki, macOS-däki, watchOS-däki we tvOS-däki soňky täzelenişler bilen tanyşdyrylar.
Geçen ýylky konferensiýada Apple "üns fokusy", Live Text opsiýasy we beýleki täzelenişler girizilen iOS 15 bilen tanyşdyrdy. 
Insaýderler iOS 16-nyň geljekki täzelenişi  şu aşakda goýberilen gajetleri saklar diýip garaşýarlar:

  • - iPhone 7/ iPhone 7 Plus;
  • - iPhone 8/ iPhone 8 Plus;
  • - iPhone X;
  •  - iPhone XR;
  • - iPhone Xs / iPhone Xs Max;
  • - iPhone 11 / iPhone 11 Pro / iPhone 11 Pro Max;
  • - iPhone 12 / iPhone 12 mini / iPone 12 Pro / iPone 12 Pro Max;
  • - iPone 13 / iPone 13 mini / iPone 13 Pro / iPone 13 Pro Max.

25.10.2025 11:34
5.8k+

iPhone 17-ler öňki modellerden has meşhur boldy: isleg garaşylandan ýokary

Täze iPhone 17 modelleri özünden öňki enjamlardan has meşhur bolup çykdy. Financial Times neşirine salgylanyp berilýän maglumatlara görä, üpjünçilik zynjyrynda täze Apple smartfonlaryna degişli sargytlar geçen ýylky iPhone 16-lara garanyňda has köp...

24.10.2025 11:27
1.9k+

Ilkinji eplenýän iPad 2029-njy ýyldan ir çykmaz

Apple-iň eplenýän displeýli ilkinji planşeti 2029-njy ýyldan ir çykmaz diýip, Bloomberg habar berýär. Ilkibaşda kompaniýa ony 2028-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdiripdi, ýöne taslama tehniki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy...

23.10.2025 18:09
17k+

Nýu-Ýorkda “millionerleriň köçesinde” 102 gatly bina ýumrulyp başlady

Ýakynda Nýu-Ýorkdaky Park-awenýuda gurlan 102 gatly ýaşaýyş jaýy ýumrulmak howpunyň astynda düşdi. The New York Times-yň maglumatlaryna görä, munuň güman edilýän sebäbi gurluşykda ulanylan betonyň düzüminiň üýtgedilmegi boldy...

19.10.2025 16:54
7.7k+

Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy

Hytaýda iPhone Air smartfonlarynyň ilkinji toplumy deslapky satuw başlandan soň bary-ýogy birnäçe minutda satyldy. Diňe eSIM-i (smartfonyň içinde oturdylan we fiziki plastik kartyň ornuny tutýan sanly SIM karty) goldaýan smartfona, Android modelleri bilen güýçli bäsdeşlige garamazdan, alyjylar tarapyndan isleg ýokary bolup çykdy...