Aşgabatda Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi

  • 07.04.2022 23:52
  • 33k+

Şu gün – 7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 

Ir bilen paýtagtymyzdaky «Welosiped» binasynyň ýanynda döwlet Baştutany köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar agzybirlik bilen herekete başladylar.

Ýokary ruhubelentlikde badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilýän ýolunyň ugry boýunça sungat ussatlarynyň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. Ýaz paslynyň jana tenekar howasy, paýtagtymyzyň giň şaýollaryna bezeg berýän çüwdürimlerdir dürli görnüşli güller, sungat ussatlarynyň ajaýyp owazlary ýörişe gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady.

Aşgabat şäheriniň esasy köçeleri boýunça guralan köpçülikleýin çäre ýurdumyzyň Baş meýdançasynyň ýanynda tamamlandy.


düýn 23:17
5k+

Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy...

10.12.2025 10:57
11k+

Garagumuň içi bilen 206 km: Türkmenistanyň Ralli-reýd boýunça çempionaty geçirildi

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topary T2 synpyndaky wnedorožnikleriň hasabynda Türkmenistanyň ralli-reýd boýunça çempionatynyň ýeňijisi boldy...

10.12.2025 10:49
3.4k+

Türkmen karateçileri Belgradda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar

Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşyň netijelerine görä, türkmen türgenleri 21–34 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda «şahsy kumite» boýunça iki medal gazandylar...

10.12.2025 10:31
3k+

Balkan welaýaty boýunça Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň finalyna çykanlar belli boldy

Awazada küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry tamamlandy. Oňa 138 adam gatnaşdy. Ýaryş ilkinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekund goşmak bilen, her oýunça her döw üçin 90 minut wagt berilýän şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi...