Apple gajetlerini ýazylyşyk boýunça berer

  • 31.03.2022 07:21
  • 5.4k+

Apple ulanyjylara aýlyk tölegi bilen ýazylyşyk boýunça iPhone we iPad satyn almaga mümkinçilik bermegi meýilleşdirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Abuna ýazylyş programmasy müşderilere her 12 aýdan täze smartfon ýa-da planşet almaga mümkinçilik berer. Bu barada gazeta.ru salgylanyp, Day.Az belleýär.

Bellenilişi ýaly, gajetler üçin abuna ýazylyşyk esasynda täze hyzmat 2022-nji ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýyl ABŞ-da işe girizilip bilner. Ýazylyşyk serwisi ilkinji gezek ulanyjylara diňe bir sanly hyzmatlara däl, eýsem enjamlara-da abuna ýazylmaga mümkinçilik berer. Taslama heniz işläp taýýarlanylýar.

Programma aýlyk töleginiň 12 ýa-da 24 aýa bölnen gurluşyň bahasyna deň bolmajakdygy bilen möhletlere bölüp tölemekden tapawutlanar. Şol bir wagtyň özünde baha ulanyjynyň haýsy gurluşy saýlajakdygyna bagly bolar. Hyzmatyň bahasy heniz belli däl.


düýn 20:25
8.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
5.3k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.5k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......