Wise-premýerlere ministrlikler we pudak edaralary üçin ýolbaşçylary hödürlemek tabşyryldy

Wise-premýerlere ministrlikler we pudak edaralary üçin ýolbaşçylary hödürlemek tabşyryldy

Şu gün, 25-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny belledi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany wise-premýerlerden bir hepdäniň dowamynda özüniň gözegçilik edýän ministrlikleri we pudak edaralary üçin mynasyp ýolbaşçylary hödürlemegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň täze düzümi şundan ybarat:

  • Muhammetguly Muhammedow - ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary; 
  • Sapardurdy Toýlyýew – ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki guramalar boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyyň orunbasary; 
  • Mährijemal Mämmedowa – medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary;
  • Şahym Abdrahmanow – nebitgaz meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary;
  • Esenmyrat Orazgeldiýew – oba hojalyk meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary;
  • Çarymyrat Pürçekow – gurluşyk toplumy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary;
  • Çary Gylyjow – söwda toplumy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary;
  • Mämmethan Çakyýew – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory;
  • Raşid Meredow – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri.
  • Çary Amanow – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary.