KHBS: Suzuki Hindistanda elektromobil önümçiligine $1,25 mlrd maýa goýar

  • 25.03.2022 15:03
  • 6.1k+

Ýaponiýanyň Suzuki Motor konserni kompaniýa üçin esasy daşary ýurt bazary bolan Hindistanda elektromobilleriň önümçiligine, takmynan, 150 mlrd iýena ($1,25 mlrd) maýa goýar. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, ko.ru belleýär.

Täze meýilnamanyň çäginde kompaniýa Gujarat ştatynda akkumulýatorlaryň önümçiligi boýunça zawod gurar. Bu ýerde kompaniýanyň eýýäm benzin hereketlendirijili awtomobilleri ýygnaýan kärhanasy bar. Onda 2025-nji ýyldan elektromobiller öndürilip başlanar. Şeýle-de, Suzuki Hindistanda köne awtomobilleri gaýtadan işlemek üçin infrastruktura gurar.
Hindistan 2030-njy ýyla çenli içerki bazarda täze satylan awtoulaglaryň tutuş göwrüminden elektromobilleriň satuwynyň paýyny 30%-e ýetirmegi maksat edinýär. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe ýurtda zarýad beriji stansiýalar ýeterlik däl, elektromobilleriň satuwy hem ýylda, takmynan, 3 mln umumy satuw möçberinde birnäçe müňe ýetýär.
Suzuki Hindistanyň bazaryna 1982-nji ýylda çykdy. Häzirki wagtda Suzuki-niň paýyna bu ýurtda täze awtomobilleriň satuwynyň, takmynan, 50%-i düşýär.


24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......