Apple iPhone toplumyndan zarýad berijini we gulaklyklary aýryp, $6,5 mlrd gazandy

  • 19.03.2022 17:05
  • 7.1k+

2020-nji ýylda Apple kompaniýasy iPhone smartfonlarynyň toplumyndan EarPods gulaklyklaryny, tiz wagtdan bolsa diňe kabeli galdyryp, zarýad beriji gurluşy aýyrdy. Kompaniýa muny daşky gurşaw barada alada etmek bilen düşündirdi, ýöne tankytçylar munda başga bir sebäbi görýärler. Ýagny, toplumdan gulaklyklaryň we zarýad berijiniň aýrylmagy iPhone-yň bahasynyň arzanlamagyna getirmedi, diýmek, Apple munuň hasabyna goşmaça girdeji gazanýar.

Apple iki ýyl mundan ozal iPhone toplumyndan zarýad berijini we gulaklyklary aýyrmak bilen kompaniýanyň uglerod zyňyndylaryny ýylda 2 mln tonna azaltjakdygyny aýtdy. Bu başlangyç ekologlar tarapyndan goldanyldy, ýöne muňa garşy çykanlar hem boldy. Oňa garşy çykanlaryň pikirine görä, Apple iPhone toplumyny kemeltmek bilen, takmynan, 6,5 mlrd dollar goşmaça girdeji gazandy. Kompaniýa smartfon gabynyň has ykjam bolandygy we şunuň netijesinde daşamak üçin çykdajylaryň-da azalýandygy sebäpli iPhone-yň bahasyny arzanladyp bilerdi diýlip çaklanylýar. 

Bar bolan maglumatlara görä, toplumdan gulaklyklar we zarýad beriji aýrylandan soň, Apple tutuş dünýäde 190 mln töweregi smartfon satdy. Kemeldilen toplum her smartfonda, takmynan, 34 dollar tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, gulaklyklaryň we zarýad beriji gurluşlaryň aýratyn satuwyndan kompaniýa, takmynan, 293 mln dollar gazandy. Elbetde, bu hasaplar soňky ýyllarda komponentleriň gymmatlandygyny göz öňünde tutmaýar. Bu ýerde esasy üns berilýän zat, Apple sarp edijiler üçin iPhone-yň bahasyny pese düşürmezden, çykdajylary azaltmagy başardy. 


19.05.2026 09:37
4.2k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....