Türkmenistan Şweýsariýanyň kompaniýalary üçin işewürlik mümkinçiliklerini hödürleýär

Türkmenistan Şweýsariýanyň kompaniýalary üçin işewürlik mümkinçiliklerini hödürleýär

Türkmenistan Şweýsariýanyň kompaniýalary üçin belli bir işewürlik mümkinçiliklerini hödürleýär. Bu barada Trend-e Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça döwlet sekretariaty (SECO) aýtdy.

“Bu Şweýsariýanyň hususy sektory üçin, mysal üçin, dokma senagatynda, nebitgaz pudagynda, şeýle-de infrastruktura we gurluşyk pudagynda belli bir işewürlik mümkinçilikleridir” - diýlip, SECO-da bellenildi.

Şeýle-de, daşary ýurt bazaryna çykmak kararynyň ýurduň hususy pudagyna baglydygy bellenildi.
SECO-nyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,9 mln Şweýsariýa frankyna (6,4 mln dollar) barabar boldy. 
Geçen ýyl Türkmenistan Şweýsariýadan umumy bahasy 5,8 mln Şweýsariýa franky bolan (6,29 mln dollar) haryt import etdi we umumy bahasy 0,1 mln Şweýsariýa franky bolan (108 605 dollar) haryt eksport etdi.