Owganystanyň Hökümet Başlygy Serdar Berdimuhamedowy gutlady

  • 19.03.2022 16:44
  • 11k+

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hassan Ahund Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.

Hatda, hususan-da, şeýle diýilýär: «Goňşy Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigi baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdim. Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny bu möhüm waka mynasybetli gutlaýaryn. Şeýle hem Türkmenistanyň häzirki Prezidenti — Siziň hormatly kakaňyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirendigi we Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de dostlukly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Şeýle-de Owganystanyň Hökümet Başlygy öz hatynda ýurduň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ylalaşyklary we iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.


düýn 20:14
842

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......