BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady

  • 19.03.2022 16:45
  • 6.8k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutlady.

«Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň, ýurduňyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda bellenen durnukly ösüş ulgamynda milli bähbitleri durmuşa geçirmek maksady bilen ösdüriljekdigine ynanýaryn. BMG-niň Ýurt toparynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş babatda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmekde Türkmenistanyň Hökümetiniň ygtybarly hyzmatdaşy bolmagynda galar» diýip, jenap Şlapaçenko öz hatynda belleýär.


düýn 20:14
1.4k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.3k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......