Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gazanan ýeňşi bilen gutlady

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gazanan ýeňşi bilen gutlady

17-nji martda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi we türkmen Lideri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini belledi.

Soňra Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň saýlanan Baştutanyny Prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen mähirli gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, häzirki döwlet Baştutanynyň başyny başlan syýasatyny dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ähli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.