Ýaponiýada ilkinji sakura gülledi

  • 17.03.2022 23:55
  • 9.4k+

Penşenbe güni ýurduň bu resmi däl nyşanynyň gül açýan möwsüminiň başlanandygyny buşlap, Ýaponiýanyň çäginde sakura gülläp ugrady. Bu barada Milli meteorologiýa müdirligi habar berdi.

Müdirligiň sebit bölüminiň maglumatlaryna görä, gülleýiş Fukuokanyň prefekturasynyň çäginde başlady. Aslynda, meteorologlaryň öňünden çaklaýyşlaryna laýyklykda, Tokioda sakura 21-nji martda güllemeli, bu möwsümiň iň çürbaşy döwri Tokioda 29-njy martda bolmaly.

Ýaponlar sakurany öz ýurtlarynyň nyşany hasaplaýarlar, onuň güljagazy bolsa resmi däl milli tugranyň derejesine eýedir. Uzak gündogaryň üljesiniň patrak kimin gülleýän döwri adatça apreliň başyna gabat gelýär: ýurduň seýilgähleri, hakykatdan-da, gülgüne reňkli gülleriň dürli öwüşginlerine gark bolýar.

2020-nji we 2021-nji ýyllarda pandemiýa sebäpli ýerli ilata sakuranyň gülleýşine öňki edähetlerine görä syn etmek mümkinçiligi bolmady: keseliň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin häkimiýetler meýdan oturylyşyklaryna çykmazlygy maslahat berdiler.

Üstümizdäki ýylda hem şu ýagdaý saklanar diýip çaklanylýar.


düýn 17:37
1.8k+

Aşgabatda meşhur ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert bolar

Aşgabatda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde dünýä belli ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert geçiriler. «Simfoniýa Anime» atly bu sazly agşam 1-nji fewralda Mukamlar köşgünde bolar...

15.01.2026 16:35
6.9k+

Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň liderleri urlup çalynýan gurallarda keý-pop sazlaryny ýerine ýetirdi

Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon we Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti bilelikde urlup çalynýan saz gurallarynda BTS toparynyň «Dynamite» we «Keý-pop melgun awçylary» multfilminden aýdymlaryň sazlaryny ýerine ýetirdi...

05.01.2026 15:35
20k+

Ýaponiýada äpet gök tunes balygy rekord derejedäki 3,2 million dollara satyn alyndy

5-nji ýanwarda Tokionyň Toýosu bazarynda geçirilen 2026-njy ýylyň ilkinji söwdasynda agramy 243 kg bolan gök tunes balygy (bluefin tuna) ummasyz möçberdäki pula satyldy. TASS agentliginiň habar bermegine görä, balyk üçin — 510 million ýena (3,2 million dollar) tölendi...

02.01.2026 10:47
5.9k+

22 müň ýyl ozal Ýaponiýada piller ýaşapdyr: Olar ol ýere nähili düşüpdir we soň nirä ýitirim bolupdyr?

Alymlar ilkinji gezek Nauman piliniň gadymy DNK-syny seljerdiler. Bu pil Ýapon adalarynda ýaşan we takmynan 22 000 ýyl mundan ozal ýitip giden, göni gyýakly pilleriň bir görnüşidir. Iki jandaryň süňkleriniň genetiki seljermesine esaslanýan bu barlag Cell žurnalynda çap edildi...