Polşanyň wekili «Dünýäniň gözeli - 2021» adyna eýe boldy

  • 17.03.2022 23:51
  • 37k+

Polşaly Karolina Belýawska "Dünýäniň gözeli - 2021" halkara owadanlyk bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Bäsleşik Puerto-Rikoda geçdi, onuň 2021-nji ýyldaky jemleýji tapgyry koronawirus bilen baglanyşykly yza süýşürilipdi. 
Bäsleşige dürli ýurtlardan gelen 97 gyz gatnaşdy, olaryň arasynda yrakly we somalili gyzlar hem bar. Yrak we Somali "Dünýä gözeline" öz wekillerini ilkinji gezek ugratdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna 40 gözel çykdy.
Bäsleşigiň 70-nji ýeňijisi Belýawska menejment ugry boýunça magistraturada  okaýar we soňlugy bilen dissertasiýa goramagy meýilleşdirýär. Gyz meýletinçilik işi bilen meşgullanýar we öý-öwzarsyzlara ýardamyny ýetirýär, şeýle hem model bolup işleýär.

Karolina Belýawska şeýle diýýär: "Adymy eşidemde, örän tolgundym. Häli bu güne çenli ynanyp bilemok".

Ikinji ýeri ABŞ-nyň wekili Şri Saýni eýeledi, üçünji ýerde - Kot-d Iwuaryň raýaty Oliwiýa Ýaçe aldy.


11.06.2026 13:03
6.7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....