Aşgabatly saýlawçylar Balkandan hödürlenen dalaşgär bilen duşuşdylar

  • 08.03.2022 10:48
  • 3.9k+

7-nji martda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirow ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. Şunda B.Gurbanowyň ýokary hünär derejesi, şahsy häsiýetleri, guramaçylyk ukyplary hem-de ýolbaşçy wezipesindäki iş tejribesi bellenildi.

Dalaşgär Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýagdaýynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň hem-de şu ýylyň 11-nji fewralynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň bähbidine ähli güýjüni we tejribesini gönükdirjekdigine ynandyrdy.

B.Gurbanow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegiň özüniň baş maksady boljakdygyny belledi.


10.02.2026 09:22
1.5k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy...

09.02.2026 10:42
1.4k+

Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy

Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy...

09.02.2026 10:34
1.8k+

Ýaponiýada dolandyryjy partiýa saýlawlarda taryhdaky iň ýokary netijäni görkezdi

Premýer-ministr Sanae Takaitiniň ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasy (LDP) parlamentdäki 465 orundan 316-syny eýeledi. Mundan ozal ol 198 orna eýedi. Nikkei neşiriniň ýazmagyna görä, LDP Ikinji jahan urşy tamamlanaly bäri bir partiýanyň gazanan iň köp orun sanyna eýe boldy...

24.01.2026 12:10
3k+

Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji zenan maşgala boldy

Bolgariýanyň Prezidenti wezipesini taryhda ilkinji gezek zenan maşgala eýeledi. Iliýana Ýotowa bu wezipede Rumen Radewi çalşyp, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosy habar berýär. Ýurduň öňki Prezidenti Rumen Radew Bolgariýanyň çuň syýasy çökgünlikden çykmagyna ýardam etmek isleýändigini aýdyp, 19-njy ýanwarda wezipeden çekildi...