Samsung kompaniýasy Galaxy A23 smartfonyny hödürledi

  • 07.03.2022 18:36
  • 17k+

Samsung kompaniýasy özüniň orta derejeli Galaxy A23 smartfonyny hödürledi. Bu täze smartfon geçen ýyl çykan Galaxy A22 modeliniň yzyny tutar.

Samsung Galaxy A23 smartfony razreşeniýesi 2408 x 1080 nokatly 6,6 dýumly ekrana eýedir. Matrisasy TFT tehnologiýasy boýunça taýýarlanandyr we Gorning Gorilla Glass 5 gorag çüýşesi bilen örtülendir. Gurluşyň korpusynyň galyňlygy 8,4 mm.
Smartfonyň foto mümkinçiliklerine kwadrokamera jogap berýär. Onuň düzümine 50 МП, 5 МП  (giň burçly obýektiw), 2 we 2 МП (makromodul we çuňluk sensory) razreşeniýeli datçikler girýär. Selfi-düşüriş üçin 8 megapiksellik öň tarapky kamera göz öňüne tutulandyr.
Samsung Galaxy A23-iň apparat platformasynyň esasyna Qualcomm Snapdragon 680 birkristally ulgam goýlandyr. Çip 4GB düwünde, 6 ýa-da 8 GB operatiw ýatda  işleýär. Oturdylan ýadyň göwrümi modifikasiýa baglylykda 64 ýa-da 128GB (MicroSD kartlar üçin 1 Tbaýta çenli slot bar). Güýji tiz energiýa berýän 25 watt goldawly sygymy 5000 mAч bolan akkumulýator batareýalaryndan alýar. Mundan başga-da, barmaklaryň yzyny alýan gapdal skanerleri, gulaklyklar üçin standart deşik, port USB Type-С 2.0 bar.
Samsung Galaxy A23 4 reňkli görnüşde hödürlener: gara, ak, şetdaly reňk we mawy.
Täze smartfonyň bahasy, satuwa çykaryljak senesi heniz takyk aýdylanok.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...