FAO: мировые цены на продукты в феврале достигли рекордного уровня

  • 07.03.2022 08:28
  • 6.6k+

2022-nji ýylyň fewral aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahasy taryhy rekorda ýetdi diýlip, FAO-nyň (BMG-niň Azyk we Oba hojalygy guramasy) hasabatynda aýdylýar. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Fewral aýynda azyk önümleriniň baha indeksiniň ortaça görkezijisi 140,7 punkta ýetdi, bu bolsa ýanwar aýyndaky görkezijiden 3,9% we bir ýyl mundan öňki görkezijiden dörtden bir diýen ýaly (24,1%) ýokarydyr.
Metbugat relizinde indeksiň diňe bir aýyň dowamynda bahalaryň ortaça üýtgemesini görkezýändigi bellenilýär. 
Şeýlelikde, ösümlik ýaglarynyň bahasy has gymmatlady, ýagny ol 8,5% ýokarlanyp, rekord dereje boldy. Munuň sebäbi palma, soýa we günebakar ýaglarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, süýt önümleriniň ortaça indeksi ýanwar aýyndaky görkeziji bilen deňeşdirilende 6,4% ýokarlandy. Hasabatda munuň Günbatar Ýewropada we Okeaniýada süýt üpjünçiliginiň pes bolmagy hem-de Demirgazyk Aziýada we Ýakyn Gündogarda islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
Iýmitlik däneleriniň bahasynyň ýokarlanmagy däne indeksiniň bir aýda 3% ýokarlanmagyna getirdi diýip, FAO belleýär. Mundan başga-da, mekgejöweniň bahasy-da 5,1% ýokarlandy, bugdaý 2,1%, tüwi 1,1% gymmatlady. Etiň bahasy hem tüwiň bahasy ýaly ýokarlandy.


05.06.2026 18:04
5.3k+

Кыргызстан впервые избран непостоянным членом Совбеза ООН

Кыргызстан впервые в своей истории избран непостоянным членом Совета Безопасности ООН на период 2027–2028 годов. Об этом сообщили в новостном портале Организации....

22.05.2026 14:19
2k+

В ООН спрогнозировали рост инфляции и замедление мировой экономики

ООН прогнозирует замедление роста мировой экономики в 2026 году на фоне геополитических потрясений, роста инфляции и усиления глобальной неопределенности....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Постпред Туркменистана при ООН вручил Гутерришу верительные грамоты

20 апреля вновь назначенный постоянный представитель Туркменистана в ООН Вепа Хаджиев передал верительные грамоты генеральному секретарю организации Антониу Гутерришу. Об этом сообщает МИД Туркменистана....

24.04.2026 16:06
1.6k+

В МИД Туркменистана рассмотрели вопросы дальнейшего взаимодействия с ПРООН

23 апреля состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана Мяхри Бяшимовой с постоянным представителем Программы развития ООН в Туркменистане Нарине Саакян. Об этом сообщили в пресс-службе......