Berdimuhamedow Germaniýanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 07.03.2022 08:00
  • 3.4k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsa hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen Lideri birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp: “Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýa bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berýär we bu gatnaşyklary ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär” diýip, Gutlagynda belledi.


düýn 10:26
624

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......