Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar

  • 05.03.2022 08:43
  • 14714
Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar

Kompaniýa Mercedes-Benz Russiýany öz awtoulaglary bilen üpjün etmesini togtatmagy karar etdi. Brendiň metbugat gullugynyň Twitterde beren resmi habarynda aýdylyşyna görä, bu nemes brendiniň ýeňil awtoulaglaryna we kiçitonnalyk kommersiýa modellerine degişlidir.

Şonuň ýaly-da, kompaniýanyň Moskwanyň etegindäki Solneçnogorsk etrabynda çykarylýan ulaglarynyň hem  goýberilmesi wagtlaýyn togtadylar. Bu kärhanada E-Class, GLC, GLE we GLS modelleri gurnalýardy.
Soňky birnäçe günüň dowamynda Russiýada işini we ulag getirmesini togtadýandygyny birnäçe awtoulag konserni mälim etdi. Olaryň arasynda: BMW we Jaguar Land Rover, şeýle hem Audi, Skoda, Volkswagen, Volkswagen kommersiýa awtoulaglary, Bentley, Lamborghini we Ducati brendlerini öz içine alýan Volkswagen, Porsche bar. Mundan başga-da, "Ford Collerc"  3 martdan başlap Ýelabugadaky kärhanasynyň işini togtadýandygyny mälim etdi.
Ýewropa biznesiniň assosiýasiýasynyň (AEБ) maglumatlaryna görä, russiýalylar 2021 ýylda Mercedes-Benz ulagynyň 43 011 sanysyny satyn alypdyrlar. Bu san 2020 ýylyň görkezijilerinden 10,8% köpdür.


22.08.2023 08:13
9695

«Atom» elektrik ulaglarynda tanyşlyk üçin ykjam goşundy peýda bolup biler

«Atom» kysymly rus elektrik awtoulaglarynyň maglumat-dynç alyş ulgamy başga işläp düzüjileriň ykjam goşundylaryny, şol sanda tanyşlyk boýunça goşundylary goldap biler diýip, gazeta.ru habar berýär. Elektrikli awtoulaglar...

25.07.2023 13:39
17343

Russiýada ýerli sport awtoulagy üçin patent alyndy

Russiýaly awtosürüji Roman Rusinow hususy sportkarynyň dizaýny üçin patent aldy. Awtoulagyň senagat maksatly nusgasynyň şekilleri Federal senagat eýeçiligi institutynyň binýadynda çap edildi. Rusinow patentiň eýesi...

27.01.2023 21:05
22350

Russiýanyň ilkinji «Atom» elektromobili aprel-maý aýlarynda görkeziler

«Atom» brendiniň baş direktory Igor Powarazdnýuk TASS agentligine beren interwýusynda rus elektromobiliniň prototipiniň şu ýylyň aprel ýa-da maý aýynda görkeziljekdigini aýtdy. «Ulagyň prototipini ýazda — aprel...

08.11.2022 16:48
12365

Juda çeýe zarýad beriş ulgamly 62181 «General» rus elektrobusy bilen tanyşdyryldy

Häzirki zaman şäher elektriki ulagyny işläp taýýarlaýjy we öndüriji - "PK Ulag ulgamy" ("PK TC") kompaniýasy özüniň Engels şäherindäki kärhanasynda çekiji batareýalaryň zarýadyny utgaşdyryp doldurýan tehnologiýaly...